«Arkadag» bilen «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen janköýerleriň stadiondaky oturmaly ýerlerini çalt we amatly tapmagy üçin degişli maglumatlar berilýär. Peteklerde görkezilen sektoryň san belgisi stadiona haýsy girelgäniň has amatlydygyny kesgitleýär. Stadionyň ähli daş-töwereginde ýerleşdirilen girelgeleriň her biriniň diwarynda onuň haýsy sektorlara eltýändigini görkezýän uly san belgiler ýerleşdirilendir. Şeýle-de sektoryň san belgisi janköýerlere orunlarynyň haýsy gatda ýerleşýändigini hem aňladýar. Eger san belgisi 1-lik bilen başlanýan bolsa, orunlar birinji gatda, 2-lik bilen başlanýan bolsa, ikinji gatda, 3-lük bilen başlanýan bolsa, üçünji gatda ýerleşýär. Şoňa görä-de, degişli basgançaklardan ýokary galmak zerur bolýar. Eger-de janköýerler orunlaryny tapmakda kynçylyk çekseler, stadionyň ähli ýerinde hyzmatda boljak ýüzlerçe meýletinçiler gysga wagtyň içinde zerur kömegi bererler.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyñ suratkeşleriniñ "Şekillendiriş sungatynda zenan waspy" atly sergisi geçirilýär
03.03.2026
Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.
11.10.2025
Taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda janköýerler üçin ähli amatlyklar üpjün edilýär
09.02.2026