Uly ruhubelentlik bilen garaşylýan «Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky taryhy duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi maksady bilen, janköýerlere birnäçe möhüm maslahatlar berilýär. Stadionyň çäginde wagty tygşytlamak hem-de öz ornuňyzy aňsat tapmak üçin, petekde görkezilen ýörite kartanyň kömegi bilen ornuňyza has ýakyn bolan girelgeden geçmek maslahat berilýär. Stadionyň daş-töwereginde amatly ýerleşdirilen girelgeleriň her birinde onuň haýsy sektorlara eltýändigini görkezýän ýörite san belgiler bar. Tomaşaçylaryň orunlary peteklerde görkezilen san belgilerine görä gatlara bölünýär. Petekdäki orun belgisiniň 1-lik san bilen başlanmagy ornuň 1-nji gatda, 2-lik san bilen başlanmagy 2-nji gatda, 3-lük san bilen başlanmagy bolsa 3-nji gatda ýerleşýändigini aňladýar. Stadiona gelen pursatyňyzdan başlap, janköýerleri öz orunlaryna ugrukdyrmak we zerur kömegi bermek üçin ýörite taýýarlanan meýletinçiler hyzmatda bolar. Guramaçylar bu taryhy duşuşygyň ähli janköýerlerde ýakymly täsirleri galdyrjakdygyna ynam bildirip, futbolsöýüjileriň stadionda boljak bu möhüm oýundan uly ruhubelentlik bilen lezzet almagyna şert döredilýändigini belleýärler.
Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.
11.10.2025
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy
09.10.2025
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11.2025