Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary şu gezekki çäräniň bezegi boldy.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyñ suratkeşleriniñ "Şekillendiriş sungatynda zenan waspy" atly sergisi geçirilýär
03.03.2026
Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.
11.10.2025
Taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda janköýerler üçin ähli amatlyklar üpjün edilýär
09.02.2026